pida pi‧da

[pida:]

Bir zadyň şanyna ýa-da bir zada tüýs ýürekden berilmek zerarly edilýän gurban, ölüm.

  • Jumagözel agyr pidalara döz gelýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • «Ganly söweşiň» pidalarynyň sany sekiz müň adamdan hem geçipdir. (Orta asyrlar taryhy)

  • Täze bagtly durmuşy gazanmak üçin gahrymançylyk görkezmegiň we köp pidalar çekmegiň gerek boljakdygyny Gorkiý bilýärdi. («Häzirki zaman edebiýaty»)

pida bolmak

Janyňy gurban etmek, ölmek.

  • Saňa pida bolsun bu şirin janym, Ýoluňda gurbandyr bu jan, Garybym. («Türkmen Halk Şahyrana Dörendijiligi»)

pida etmek

Biriniň ýa-da bir zadyň ugrunda öz janyny gurban etmek, özüňi öldürmek, güýç sarp etmek.

  • Uly oglunyň aýaly Akjagul hem özüniň ýaş ömrüni şu üç sany ýaş çagasy üçin pida etdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • pida-da
  • pidadan
  • pidalar
  • pidalara
  • pidalary
  • pidalarymy
  • pidalaryna
  • pidalaryndan
  • pidalaryny
  • pidalarynyň
  • pidalaryň
  • pidalaryňyz
  • pidalydyr
  • pidalyk
  • pidanyň
  • pidasy
  • pidasydyr
  • pidasyn
  • pidasyna
  • pidasyny
  • pidasynyň
  • pidasyz
  • pidaňy