[peti:r]
Hamyr maýasyz ýugrulyp hem-de aldyrylman ýüzi dürtülip bişirilýän çörek.
Oturanlaryň öňünde çanaklap gowurma hem ýaňy tamdyrdan çykan mele petir goýuldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ol hem ýaňy hol öýlere gezmäge gitdi, tiz gelse gerek -- diýip, kepbesine girip, üç gün aşan süňk ýaly petir çöregi getirp, ussanyň öňünde goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Deşik-deşik bolmak, dürtük-dürtük bolmak, uçkanak-uçkanak bolmak.
Ýeriň ýüzi petir bezelen ýaly uçkanak bolup görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)