Gyzylödegiň giňelip gidýän hem-de iýmit siňdirýän ýeri, bölegi.
Dalagyň yzyndan gyzylödek, onuň yzyndan bolsa, içinde ýygnanýan göwrümli peteke gelýär. (W. F. Şalaýew, N. A. Rykow, Zoologiýa)
Dolmaz petekleriniň ýesiri bolan towuklar tezek dörýärler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kükregiň ýokary gapyrgadan, döş süňküniň gutarýan ýerine çenli bolan aralygy.
Ol edil ördek ýaly petekesini gaýşardyp, oýmul-oýmul edip, gaýnymyň öýüne girdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)