peseltmek işlik

  1. Boýuny kemeltmek, tekizligini bozup, bir ýerini çökermek, pes etmek.

  2. Aşak düşürmek, aşaklatmak.

    • Ýabyň suwyny ekine tarap sowup, onuň zarbyny birneme peseltdiler.

  3. Ýagdaýyny, halyny erbetleşdirmek, ýaramazlaşdyrmak.

    • Syrkawçylyk adamynyň halyny peseldýär.

  4. Gymmatyny, bahasyny azaltmak, kemeltmek, arzanlatmak.

    • Bölekleýin satylýan harytlaryň nyrhyny peseltmek.

  5. Ýuwaşatmak, gowşatmak, haýallatmak.

    • Ol basym sesini peseldip, hemişeki parahat gürrüňine öwürdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem peseltmek - peseldýär, peselder, peseldipdir.


Duş gelýän formalary
  • peselden
  • peseldende
  • peseldendigi
  • peseldeninden
  • peseldenler
  • peseldenok
  • peselder
  • peselderdi
  • peseldersiňiz
  • peseldip
  • peseldipdir
  • peseldipdirler
  • peseldiň
  • peseldäýse
  • peseldýän
  • peseldýändigi
  • peseldýändigini
  • peseldýändiklerini
  • peseldýändir
  • peseldýänligi
  • peseldýänligindedir
  • peseldýär
  • peseldýärdi
  • peseldýäris
  • peseldýärler
  • peseltdi
  • peseltdi-de
  • peseltdik
  • peseltdiler
  • peseltdiň
  • peseltjek
  • peseltmedi
  • peseltmegi
  • peseltmegine
  • peseltmegini
  • peseltmeginiň
  • peseltmegiň
  • peseltmek
  • peseltmekde
  • peseltmekden
  • peseltmekdir
  • peseltmeklige
  • peseltmekligi
  • peseltmekligiň
  • peseltmeklik
  • peseltmeli
  • peseltmese
  • peseltmeseler
  • peseltmesini
  • peseltmez
  • peseltmezden
  • peseltmezligi
  • peseltmezlik
  • peseltmeýär
  • peseltmeýärler
  • peseltmäge
  • peseltmän
  • peseltse
  • peseltsek
  • peseltseň