perzent per‧zent

Çaga, zürýat, nesil.

  • Men-ä, ene-ataň öz perzendine ýamanlygy ýokdur diýip düşünýän. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Şol wagt birden onuň göziniň öň önde telpek basyp, bili bükülen Sähet aga peýda boldy-da -- Dünýäde ýeke-ýalyňyz perzendim Kelje, hany onuň meýdi, hany onuň mazary? -- diýip zynharlaýan ýaly boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Heý ene bolan ene-de öz ýüreginden önen perzendini şeýdermi? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem perzent - perzendi.


Duş gelýän formalary
  • perzende
  • perzendi
  • perzendidi
  • perzendim
  • perzendimden
  • perzendimiz
  • perzendimizem
  • perzendin
  • perzendinde
  • perzendinden
  • perzendine
  • perzendini
  • perzendiniň
  • perzendiň
  • perzendiňe
  • perzendiňi
  • perzendiňiz
  • perzendiňizdir
  • perzendiňiziňki
  • perzentde
  • perzentden
  • perzentlem
  • perzentler
  • perzentleri
  • perzentlerim
  • perzentlerimdir
  • perzentlerimem
  • perzentlerimi
  • perzentlerimiziň
  • perzentlerinden
  • perzentlerine
  • perzentlerini
  • perzentleriniň
  • perzentleriniňem
  • perzentleriň
  • perzentleriňiz
  • perzentleriňiň
  • perzentli
  • perzentlige
  • perzentligi
  • perzentligiň
  • perzentlik
  • perzentsiz
  • perzentsizleri
  • perzentsizlige
  • perzentsizligi
  • perzentsizliginden
  • perzentsizligini
  • perzentsizlik