[peri:şa:n]
Tukat, gaýgy-gussaly, hasratly.
Altynyň haly perişan bolup oturandygyny aňlaýanlary bardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Ýaramaz, ýakymsyz görnüş, eleşan.
Ol gyz saçlaryny ýolup, perişan halda: -- Meni doktora alyp git! -- diýip ony gujaklady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Bu pis açan faşistler maňa gör nähili azaplar berdiler, meniň abat ýüzümi perişan etdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)