[peri:]
Adamlaryň gözüne görünmeýän, görke, husna baý bolan fantastik gyz.
Bilgiçler: -- Gyzyňa döw-peri sataşypdyr -- diýenlerinden soň bolsa, doga-tumar almaga başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Göçme manyda Gözel, näzenin.
Aýsoltana gahrymanlyk ady berildi weli, indi ol onuň gözüne peri bolup göründi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Örän owadan, görmegeý.