Penje bilen gysymlamak, tutmak.
Aýna pişegiň sapyndan penjeläpdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Öwez tüýüni ýolmalap oturan telpegini penjeledi-de -- Ýalan sözleme! -- diýdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Penje urmak, ýapyşmak, ýolmamak.
It diňe onuň köne donunyň ýagyrnysyny penjeläp bilipdir. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)