Eliň aýasy bilen bilelikde barmaklaryň gerlen görnüşindäki tutuş bölegi.
Muny bogup öldürmesem, başga ýere ýok -- diýip, gödek elleriniň penjesini açyp topuldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Öňünden gawun çigidi çyksa-da, penjesini dolduryp alýarda, agzynyň ýetişdiginden çigitlemäge durýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Käbir haýwanlaryň, guşuň dyrnakly aýaklary.
Nazym bilen gygyrdy. Şagal penjäni urdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Göçme manyda Zorluk, zulum, sütem.
Wah, doganjygym, meniň dadyma ýetişiň meni şularyň penjesinden azat ediň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Penjeläp alnan mukdardaky zadyň ölçegi.
Ýygymçylar topary bolsas biri-birine.
-- Haý boluň, ýygymy galdyrmaň aldyk gutardyk, az galdy, her kime iki penje-de etjek däl! -- diýşip, başlaryny galdyrman ýygýardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Özüňi tutdurmak, biriniň girisine düşmek.
Kimleriň penjesine düşenini-de ýada salmady. (N. W. Gogol, Eserler)