[pena:lamak]
Gorag edinmek, görünmezlik üçin bir zadyň arkasyna dolanmak, pena edinmek.
Ol bir düýp gandymy özüne penalap, yşgalaňlap seretdi, emma oňa hiç zat görünmedi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ol tut agaçlaryny penalap, daş-töwereginde bolup duran hereketleriň birini hem sypdyrman, gözden geçirmäge başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Göçme manyda Arka tutmak, hossar bolmak, arka durmak.
Annadurdy murt rejaniň geň däldigini bilip, derrew bizi penelady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)