pelpelletmek pel‧pel‧let‧mek işlik

  1. Howada bir duran ýerinde ganat kakdyrmak.

  2. Galgatmak, ýelkildetmek.

    • Ol ýokardan asylgy duran elektrik çyranyň ýagtysyna barmaklaryny guşuň ganaty ýaly pelpelledip, ik egirýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Gepleşik dili Ynjalyksyz aladaly ýagdaýda biriniň ýa-da bir zadyň daşynda pyrpyr aýlandyrmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pelpelletmek - pelpelledýär, pelpelleder, pelpelledipdir.


Duş gelýän formalary
  • pelpelledip
  • pelpelletdi-de