pelle pel‧le 1

  1. Sport termini Ýaryşda iň soňky barylmaly ýer ýa-da baryp gaýdylýan ýer.

    • Maslyklardan ürken eýesiz atlar ümdüzüne tutýar, undup pelläni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Maşyny barjak pellämize gönüläp sürmek gerek -- diýip, batyrlyk etjek boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Her kim pellä golaýlaşýan atlaryň tomaşasyndan galyp barýan ýaly, ileri süýşýärdiler. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  2. Çen, çak, wagt.

    • Arada dyngy berlen wagty, guwanç oňa.

    • Häzir hem bir pelle! -- diýýär. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

pelle pel‧le 2

Dialektal söz Deň iki kesilen garpyzyň bir bölegi.

  • Içi gyrlyp taşlanan pelleler baýryň bir bölegi ýaly küde bolup ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Amyderýa agyr ýükli gämini garpyzyň pellesi ýaly ondan-oňa gaýdyrýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • pelleden
  • pelledi
  • pelleler
  • pellesi
  • pellesin
  • pellesine
  • pellä
  • pelläm
  • pellämden
  • pellämize
  • pelläni
  • pelläň