parlamak işlik

  1. Ýalpyldap nur saçmak, gaty yşyk bermek.

    • Gün şöhlesi parlap ýere ýaýranda, köp bilim almaga göreş edýäris. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Onuň ak ýüzünde balkyldaýan gara gözleri parlap duran bagt ýydyzy ýaly duýuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Parlap ýanyp duran çyra göründi.

  2. Öwşün atyp durmak.

  3. Şemala, ýele galgamak, pasyrdamak, parryldyly seslenmek.

  4. Giň gerim almak, ýaýbaňlanmak, ösmek.

    • Kän işlerde öňde bolan, Parlap al-asmana galan. (Durdy Gylyç, Goşgular)

    • Bu sözde parlaýan adamzat bagty. («Mydam Taýýar» gazeti)