para 1

[pa:ra]

Bikanun edilen işiň hereketiň üstüni ýapmak we edilen günäni satyn almak hökmünde wezipeli adama berilýän pul ýa-da zat.

  • Iýen paralaryň çykandyr çenden, Ahyrynda jogap sorarlar senden. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Ol köne wagtda pristaw bolup, köp paralar alyp, uly talapdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

para 2

[pa:ra]

Bir bitewi zadyň bölegi, bir bitin zatdan kesilip ýa-da döwlüp alnan bölek.

  • Döşünde ordeni Günüň parasy, Halky bilen iň ýakyndy arasy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Onuň ak ýüzünde- Aý parasynda, Gezýän bir gaýgyly öýke göründi. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  • Dagyň parasy dek bir çemen çykdy, basan gadamyndan ot-ýalyn çykdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

bir para

Käbir.

  • Bir para adamlar.


Duş gelýän formalary
  • para-da
  • parada
  • parady
  • paradyr
  • paradyň
  • paralar
  • paralarynyň
  • paralaryň
  • param
  • parany
  • paranyň
  • parasy
  • parasyn
  • parasynda
  • parasyny
  • parasynyň
  • parasyz
  • paraň
  • paraňdyr