Gülle, seçme deregine peşeňe pagta, keçe, mata bölekleri salnyp atylýan ok.
Tüpeňiň agzyndan çykan pagtebent ýalny uzaga gitmän ýaýrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Aslynda ölen gije gazaňkylygy ýagtyldyp, gaza öýüň atylan pagtabent tüpeňleriň sesinden soň oba habar tapandyr. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Biz ýöne, gorkuzmak üçin pagtabent doldurylan tüpeňi alyp ugradyk. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem pagbent - pagbendi.