paýhasly sypat

Akyl ýetirip bilýän, dury akylly, sagdyn pikirli, düşünjeli, pähimli, parasatly.

  • Sap ýürekli, öz halkyna wepaly, Pikirli, paýhasly ady Keýmir köp. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Sözleri paýhasly, namysly-arly Dostum Ata, siziň ýerde häler bar? (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Poltotaskiniň peşeneli keşbi, howsala özüni aldyrmaýan paýhasly obrazy olaryň gözüniň öňüne geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)