[pa:ýalyk]
Paýa etmek üçin ýararly, paýa etmek üçin taýýarlanan.
Ol agaçlar ýapragy gurçuga berlen tut çybyklaryndan paýalyk üçin saýlanyp alnan pytanakly taýajyklardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem paýalyk - paýalygy.