paý paý

[pa:ý]

  1. Üleşikden, paýlaşykdan düşen bölek, hak, zat, ülüş.

    • Men aý ýaşýança, ýene gidip bir paý alyp geleýin-didi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýer-suwdan paý alamsoň biraz özüm dürsedim. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Umumy işe has bir gatnaşyjy tarapyndan goşulýan goşant.

  3. Toýa gelenlere berilýän her hili zat.

    • Wüşi kel toýdan gelýärdi, ol toýda mergençilik atyşygyna gatnaşyp, birnäçe sapar nyşanany urup, pul hem içine paý düwlen ýaglyk baýraklary alypdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Işikden gelene gowaşuçlap paý bererler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

asman paýyňy çekmek

seret asman

bir paý bolmak

Köp bolup paýlaşylýan zatdan almak üçin goşulmak, şärik bolmak.

  • Şol düýäniň eti paýlaşylanda, bular hem ondan bir paý bolup, üleşige goşuldylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

paý paý 2

seret pahaý

  • Paý, gorkagy towşan ýürek! -- diýýä maňa gülýär hem öz hyrlysyny doldurýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Paý, hat ýamangiç gelýän eken-ow, aýby ýok! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Paý, Amantaç, sen hem gelerime mähetdel-ow! -- diýip, Muham aga lok-lok edip güldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • paýa
  • paýam
  • paýda
  • paýdan
  • paýdanam
  • paýdyr
  • paýlar
  • paýlara
  • paýlarda
  • paýlardylar
  • paýlarmyka
  • paýlary
  • paýlaryn
  • paýlaryna
  • paýlaryny
  • paýlarynyň
  • paýlaryň
  • paýlaýyn
  • paýly
  • paýlydyr
  • paýlydyrlar
  • paýlyň
  • paýsyz
  • paýy
  • paýydyr
  • paýym
  • paýyma
  • paýymam
  • paýymy
  • paýymyz
  • paýymyzdan
  • paýyn
  • paýyna
  • paýynda
  • paýyndaky
  • paýyndan
  • paýyny
  • paýynyň
  • paýyň
  • paýyňa
  • paýyňy
  • paýyňyzam
  • paýyňyzy