pürs

Pürdelip kesilen uzyn, ýogyn agaç, naw.

  • Köçäniň ugrundaky pürsde oturdylan renroduktordan türkmen dutarynyň ýakymly owazy ýaňlanýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol uzyndan ýogyn, gabygy sypyrylmadyk pürsdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Kakasynyň uly dogany Gurdy bir dikilgi pürse sarap, suwa salma ýençdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem pürs - pürsüm, pürsüň.


Duş gelýän formalary
  • pürsde
  • pürsden
  • pürsdi
  • pürsdäki
  • pürsdür
  • pürse
  • pürsi
  • pürsler
  • pürslerden
  • pürslere
  • pürsleri
  • pürslerimiziň
  • pürslerin
  • pürsleriniň
  • pürsleriň
  • pürsli
  • pürslük
  • pürsünde
  • pürsüne
  • pürsüni
  • pürsüniň
  • pürsüň