päkize

[päki:ze]

  1. Arassa, tämiz, hiçbir hili garyndysy bolmadyk.

    • Çagalar ýumşak, päkize düşekleriň üstünde ýatyrdylar. («Pioner» žurnaly)

    • Päkize şemal onuň ýüzüni ýalap geçýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda seret päk

    • Päkize kalbyň bar göýä gül ýalak. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Ine, şu päkize göwünli aýal bahar güldi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • päkizedi
  • päkizeje
  • päkizeligi
  • päkizeligine
  • päkizeligini
  • päkizelik
  • päkizelikde
  • päkizesi