päk

  1. Tämiz, arassa, dury.

    • Ertiriň päk howasyndan uludan dem aldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň päk ýüzünde kir-kimir ýokdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Erbetligi, ýamanlygy bolmadyk, ak ýürekli, sap wyždanly, hoşniýetli dogruçyl.

    • Aslymyz zähmetkeş, ýüregmiz päkdir. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Köne duşman ömür baky päk bolmaz. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Sen öz söýgüsine päk bir gyza töhmet edýärsiň. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Gülsoltan örän arassa gülden hem päk gelin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • päkdi
  • päkdigi
  • päkdigine
  • päkdigini
  • päkdigiňe
  • päkdir
  • päkdiň
  • päki
  • päkini
  • päkiniň
  • päklere
  • päklerinden
  • päklige
  • päkligi
  • päkligidir
  • päkligim
  • päkliginde
  • päkliginden
  • päkligine
  • päkligini
  • päkliginiň
  • päkligiň
  • päkligiňde
  • päkligiňi
  • päklik
  • päklikde
  • päklikden
  • päklikdir
  • päksiň