Owurda alyp içmek (suwuklyk hakda).
Men onuň göwni üçin çaldan üç-dört owurtladym. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Garly ussa käsesine guýan çaýyny owurtlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Stakana suw guýdy-da, ony haýaljak owurtlap içip başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ahmedi çaýyndan bir gezek owurtlady-da sözüni dowam etdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)