owurt o‧wurt

  1. Iki ýaňagyň iç ýüzi, iç boşlugy.

    • Ol aşagy dodagyny dişledi, owurtlary ýumralan ýaly göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Iki owurdyny çörekden dolduryp, sapagyny taýýarlamaýa başlady. («Pioner» žurnaly)

  2. Agyz boşlugy, agyz.

    • A, men bolsam owurdymda suw bar ýaly dymýaryn. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem owurt - owurdy.

bir owurtjyk

Azajyk sähelçe (içmek üçin çaý, suw we ş. m. hakda).


Duş gelýän formalary
  • owurda
  • owurdam
  • owurdy
  • owurdyma
  • owurdymda
  • owurdyna
  • owurdyny
  • owurdyň
  • owurtda
  • owurtdan
  • owurtlary
  • owurtlarynda
  • owurtlaryňy
  • owurtlyk