Bir zadyň ownujak bölekleri, düwür-düwür bolan bölejikleri, dänesi, külije.
Gülendam çörek owuntygyny alyp, elinde mynçgalaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýarylan bombanyň owuntyklary telim ýerimden ýüzleýje ýara salyp gidipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Dişiniziň arasyna çörek we et owuntyklary galan mahalynda, ony çöpjagazlar, sim bölejikleri bilen gorjamak bolmaýar. («Mydam taýýar» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem owuntyk - owuntygy.