Möwç almak, owsun atmak, haýbatlanmak, sürünmek.
Bu pursatda Baýly özüniň saklanyp bilmeýändigini, göýä bir güýçli zat owsunlap demine çekýän ýaly ygtyýaryny elinden oňa aldyrypdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Näme jogap berjegiňi bilmez ýaly, bu taýda düşnüksiz hiç zat ýok -- diýip, Wüşi kel gyzy owsunlamaga başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)