owratmak ow‧rat‧mak işlik

  1. Maýda-maýda etmek ownuk böleklere bölmek, owram-owram etmek.

    • Ol çaklaňrak bir köpriniň aşagyndaky sementleri owratdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Döwüp böleklere bölmek, aýyrmak.

    • Wüşi kel peçe sazak owradyp salmakda Hoşgeldä kömek bermäge başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Göçme manyda Dyr-pytrak etmek, derbi-dagyn etmek dagytmak.

    • Duşmany owradyp, läşini serer, Gazap edip salsaň, dagy hem ýarar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem owratmak - owradýar, owradar, owradypdyr.


Duş gelýän formalary
  • owradan
  • owradansoň
  • owradar
  • owradaryn
  • owradyp
  • owradypdyryn
  • owradyň
  • owradýan
  • owradýar
  • owradýarka
  • owradýarlar
  • owratdy
  • owratdym
  • owratdyň
  • owratjak
  • owratma
  • owratmaga
  • owratmak
  • owratmaklyk
  • owratmaly
  • owratmasy