[ownukly-i:rili]
Ululy-kiçili maýdaly-irili.
Ýeke galan şu jaýda ýaşaýan maşgalanyň iki-üç sany ownukly-irili çagalary işikde oýnaýarlar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Şol mahal hem ownukly-irili keýik sürüsi ökje göterip, gözden ýitip gidýärler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Ownuk-uşak ähmiýeti bolan.
Şular ýaly ownukly-irili kemçilikler gurluşygyň, birnäçe obýektleriniň wagtynda gutarylmagyna päsgel berýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)