Onçakly däl, uşak-düşek, maýda-çüýde.
Ilki ol Wepanyň ýaralaryny daňyşdyrdy soň özüniň ownuk-uşak ýaralaryny daňdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Öý üçin ownuk-uşak zat aldym. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Ähmiýeti az bolan, bolgusyz, ähmiýetsiz.
Beýle ownak-uşak zatlaryň gürrüňini edip ýörenden, sapaklaryňyza gowrak taýýarlanyň! -- diýip, jogap berýär. («Tokmak» žurnaly)
Ownak-uşak kemçilikleri görkezmek bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)