Ownuk galalaryň hanlary-da-öz nökerleri bilen muňa goşulyp bile gaýdýarlar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ozalky onbir sany ownuk ýabyň deregine kanal salyndy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Drob sanlar tutuş bir zadyň ownuk bölegini görkezýärler.
Ähmiýeti bolmadyk, ujypsyz, ugursyz.
Onuň özüni alyp barşynda enäniň ünsüni özüne çekýän kän ownuk zatlar peýda boldy. (M. Gorkiý, Ene)
Ownuk mesele, ownuk gürrüň, ownuk alada.
Jemgyýetçilik we ykdysady taýdan ähmiýeti uly bolmadyk kuwwaty az bolan.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ownuk - ownugy.
seret adam