Daş görnüşi boýunça görklülik, görmegeýlik.
Şeker, dünýäde owadanlyk adama kawägt betbagtlyk hem getirýär ekeni! (R. Aliýew, Sülgüniň Hatlary)
Berdiniň daş görnüşinde bir hili gelşiklik, owadanlyk peýda bolupdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gelşiklilik, timarlylyk, rejelilik, gözellik, bezeglilik.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem owadanlyk - owadanlygy.