oturyşlyk o‧tu‧ryş‧lyk

Birnäçe bolup edilýän ýygnanyşyk, üýşmeleň.

  • Ol ýokary mekdebi gutaryp çykany üçin kiçijik oturyşlyk edýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Bu adam birnäçe ýyl jigit bolup gulluk eden we onda-munda oturylyşyklarda bolup az-kem durmuşy gören adamdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem oturyşlyk - oturyşlygy.


Duş gelýän formalary
  • oturyşlygyny