Iki dyzyňy epdirip bir ýerde ornaşdyrmak.
Şeker eje çagalary öýüň içinde oturdy. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Bu sapar gyzy töre geçirip oturdy-da, özi tamyň içinde gezmelemäge başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ösümligi bir ýerden başga bir ýere geçirip ekmek, sançmak.
Indi biz ýakyn günlerde nahal oturtmaga girişjek. («Mydam taýýar» gazeti)
Öňürti bu ýeri üç-dört gezek sürüp, soň şaly şitilini oturdýarlar. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Bir zady bir ýere berkitmek, bir ýere eltip gurmak.
Olar pionerler öýüniň ýedi ýerinde zadiýonokat oturtdylar. («Mydam taýýar» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem oturtmak - oturdýar, oturdar, oturdypdyr.
seret tüňçe
Men ýaňyja tüňçe oturtdym.