otly ot‧ly sypat

[o:tly]

  1. Ody bar bolan, ot ýanyp duran.

    • Gowaçalaryň içine girseň, otly tamdyra kelle sokan ýaly hopukdyrýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gepleşik dili Lokomotiwiň herekete getirýän demir ýol wagonlarynyň sostawy, poýezd.

    • Şäher görmek, otla münmek meselesi ony höweslendirip başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem otly - otluda, otlular, otlusy.

otly köýnek geýmek

seret köýnek

  • Ballynyň soňky sözi oňa belli-beter hem otly köýnek geýdirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • otla
  • otlady
  • otladyk
  • otlam
  • otluda
  • otludaky
  • otludan
  • otluja
  • otlular
  • otlulara
  • otlularam
  • otlularda
  • otlulardaky
  • otlulary
  • otlularyna
  • otlularyny
  • otlularyň
  • otlurak
  • otlusy
  • otlusyna
  • otlusynda
  • otlusyndan
  • otlusyny
  • otlusynyň
  • otlymyz
  • otlyny
  • otlynyň
  • otlyň
  • otlyňyz