otlamak ot‧la‧mak 1 işlik

Örä çykmak, ot iýmek.

  • Olar süri bolup gezýärler, otlaýan wagtlarynda hemişe gezegine biri garawullyk çekýär. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

agza gelenini otlamak

Bolgusyz ýaňramak, gürlemek, samramak.

otlamak ot‧la‧mak 2 işlik

[o:tlamak]

  1. Bir zada ot bermek, bir zady ýakmak, ýandyrmak, tutaşdyrmak.

    • Olar gapylaryndaky çöplemelerini otlajak boldular. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)

    • Elindäki ody öçüp giden papirasyny ýere taşlap täzesini otlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Tokaý otla at gazan. (nakyl)

  2. Herekete getirmek, işletmek, ýöretmek (içinden ot alýan dwigateller barada).

    • Aýsoltan: --Patdy maşyny otlasana! -- diýip, oňa igendi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Oka tutmak, atmak, öldürmek.

    • Duşmany rehimsiz otlamak gerek. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  4. Gepleşik dili Çürkemek, kösemek, işini görmek.


Duş gelýän formalary
  • otlabam
  • otlady
  • otlady-da
  • otladyk
  • otladylar
  • otladym
  • otlajak
  • otlajakmyka
  • otlaly
  • otlam
  • otlama
  • otlamaga
  • otlamagy
  • otlamagyň
  • otlamak
  • otlamakda
  • otlamakdan
  • otlamaly
  • otlaman
  • otlamasa-da
  • otlamasyny
  • otlan
  • otlanda
  • otlandy
  • otlandygy
  • otlandygyny
  • otlanoklar
  • otlanokmy
  • otlansoň
  • otlanymyzda
  • otlanynda
  • otlanyndan
  • otlap
  • otlapdy
  • otlapdyr
  • otlapdyr-da
  • otlapdyrlar
  • otlar
  • otlar-da
  • otlara
  • otlarda
  • otlardan
  • otlardy
  • otlardylar
  • otlardym
  • otlardyr
  • otlarlar
  • otlary
  • otlarymy
  • otlaryn
  • otlaryna
  • otlaryndan
  • otlaryny
  • otlasa
  • otlasady
  • otlasana
  • otlasaňyz
  • otlasyn
  • otlaýan
  • otlaýanlara
  • otlaýar
  • otlaýardylar
  • otlaýarka
  • otlaýarlar
  • otlaýarmy
  • otlaýaryn
  • otlaýjak
  • otlaýma
  • otlaýsalar
  • otlaýyň
  • otlaň