Bir zady bilmediksirän bolup soraşmak.
Wepa bu syry osmakladyp bilmekçi bolup, ohyry okuwyň iň soňky güni aňlady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem osmaklatmak - osmakladýar, osmakladar, osmakladypdyr.