Ýerleşmek, jaýlaşmak, oturmak üçin ýer, jaý.
Podpolkownik-Oturyň! -- diýip orun görkezdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Ýagşy ýigit, şu orunlar boşmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Meniň ornuma has güýçlüräk, ruhy taýdan has berkräk täze ýoldaşlaryň geljegine ynanýaryn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň ýokary wezipeli adamlardan biri bolup, jogapkärli orunda işleýändigi bellidi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýaryşda eýe bolnan ýer.
Ol üçünji orna mynasyp bolan pälwandy. («Pioner» žurnaly)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem orun - ornum, ornuň, orny.
Grammatik termin «Kimde? Nämede? Nirede?» diýen soraglara jogap bolup, sözlemde aňladylýan pikiriň ornuny görkezýän grammatik kategoriýa.