ormak işlik

Galla ýada başga ekinleri orak bilen kesip ýygnamak, hasylyny almak.

  • Bugdaýlary orup döwýärlar, künjini kakýarlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Kolhozçylar orak ormaga gidipdiler. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Eken orar, dokan geýer. (nakyl)

  • Her kim öz ekenini orar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ormak - ordum, orduň, orupdyr.


Duş gelýän formalary
  • oram
  • oran
  • oranda
  • orandan
  • orandy
  • oranmy
  • oransoň
  • oranyň
  • orar
  • orardy
  • orardym
  • orarsyň
  • oraryn
  • oraýan
  • ordam
  • orduk
  • ordular
  • ordumy
  • orduň
  • ordy
  • orjak
  • ormadygyny
  • ormaga
  • ormaga-da
  • ormak
  • ormakda
  • ormaklygy
  • ormaly
  • orman
  • orsa
  • orsalar
  • orsam
  • orsaň
  • orsun
  • orup
  • orupdyrlar
  • orupdyryn
  • orupsyň
  • orýan
  • orýanlar
  • orýanlara
  • orýanlaryň
  • orýança
  • orýar
  • orýardy
  • orýardylar
  • orýarlar
  • orýaryn
  • orýarys