oklamak 1 işlik

Bir zady bir ýer zyňmak, taşlamak.

  • Olar gykuwlaşyp, telpeklerini göge oklamaga başladylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Aman aga sakgaldaşynyň kädisini oňa oklady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

oklamak 2 işlik

Ot açýan ýaraglaryň agzyna ok bermek, ok doldurmak, ok sürmek.

  • Bolgusyz gürrüňleri goý-da tüpeňleri okla! («Türkmen pýesalary»)


Duş gelýän formalary
  • oklady
  • oklady-da
  • okladylar
  • okladym
  • oklajak
  • oklama
  • oklamaga
  • oklamagy
  • oklamagymyň
  • oklamak
  • oklamakda
  • oklamakdan
  • oklamakdy
  • oklamaklyk
  • oklamakçy
  • oklamalymy
  • oklaman
  • oklan
  • oklanam
  • oklandan
  • oklandy
  • oklandygyna
  • oklandyr
  • oklanlarynda
  • oklansoň
  • oklany
  • oklanymy
  • oklanyny
  • oklanyňda
  • oklanyňy
  • oklap
  • oklapdy
  • oklapdylar
  • oklapdyr
  • oklapdyrlar
  • oklar
  • oklar-da
  • oklara
  • oklarda
  • oklardan
  • oklardy
  • oklardylar
  • oklarsyň
  • oklary
  • oklarymyzdan
  • oklaryn
  • oklaryna
  • oklaryndan
  • oklaryny
  • oklasa
  • oklasak
  • oklasaň
  • oklaýan
  • oklaýanlary
  • oklaýany
  • oklaýar
  • oklaýar-da
  • oklaýardy
  • oklaýardylar
  • oklaýarlar
  • oklaýarsyň
  • oklaýmasaň
  • oklaýsak
  • oklaýyn
  • oklaýýar