Birine okamaga bermek.
Bir gün Sähet Wepadan gelen haty oba oglanyň birine okatmaçy bolanda, Gylyç mergeni hem çagyrdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Birine sowat öwretmek, bilim bermek, ýazyp-bozmagy öwretmek.
Onuň esasy käri oglan okatmak we edebi döredijilik işi bilen meşgullanmak bolupdyr. («Edebiýat»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem okatmak - okadýar, okadar, okadypdyr.