okaşmak o‧kaş‧mak işlik

  1. Birnäçe bolup bilelikde okamak, okamaga kömekleşmek.

    • Olaryň hemmesi Rejebiň ýoldaşlary, agşamlaryna bile kitap okaşan, işleşen çagalardy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  2. Birnäçe bolup bilelikde okuw okamak, sowat öwrenmek, bilim almak.

    • Oglan-gyzlary okaşyp ýör garyşyp, yhlas bilen ylym alýar ýaryşyp. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

dogan okaşmak

seret dogan

  • Biz seniň bilen dogan okaşypdyk ahyry. («Türkmen pýesalary»)

  • Güljemal han Ak patyşa bilen dogan okaşanmyşyn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • okaşan
  • okaşandygyny
  • okaşardyk
  • okaşdy
  • okaşmaga
  • okaşmagy
  • okaşmagyňyzy
  • okaşsaňyz
  • okaşyp
  • okaşyň
  • okaşýar
  • okaşýardylar