Ýaý bilen atylýan, ujy peýkamly uzyn göni çybyk.
Tüpeň, pulemýot, rewolwer we ş. m. ýaraglarda atmak üçin içi däriden doldurylan, agzyna gurşun dykylan peşeň.
Indi sekiz sany döwekçi hatara durýardy, olaryň baryny ýeke ok bilen ýatyrmak boljakdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Biziň yzymyzdan atylan okuň iki sansy maşynyň gapdal demirine degdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Okgun ýürek bolsa, ol hem kär etmez. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem ok - okum, okuň.
seret göz
Ol gözünde oky bolsa meni urjak, ol maňa duşman. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
seret degmek
Enäniň soňky sözi Aýgüle ok bolup degdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Her sözi ok bolup degdi janyma. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Göni, dogry.
Annagulynyň ýüregine Altynyň ok ýaly kirpikleri, sanjylan ýaly boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Çalt, ýyndam.
Hiňlenip, ol agaçdan -ol agaja ok ýaly atýlyp barýar, ýoldaşlaryna elini bulaýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ok ýagdyrmak, atyp başlamak.
Iki ujuna tigir geýdirilýän steržen tigirleri birleşdirýän uzyn demir.
Traktoryň tormoz waliginiň uly we kiçi oklaryny hem degişdirmek zerurdyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Azal, araba we ş. m. ýaly gurallarda boýutyryga dakylýan uzyn göni agaç.
Azalyň oky ýerinde bolsa-da, tutawajy çykypdyr, demri poslapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem ok - okum, okuň.