ojak o‧jak

[o:jak]

Içinde ot ýakyp üstünde nahar bişirmek, çaý gaýnatmak üçin gurlan hojalyk enjamy.

  • Öýüň tüýnüginden düşen tomus güni ojak üstünde, halynyň çetinde ýazylyp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ojakda atarylgy duran uly gazanlarda çekdirme bygyrdap gaýnaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Garaja öýüň ojagynda ot parlap ýanýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ojak - ojagy.


Duş gelýän formalary
  • ojaga
  • ojagam
  • ojagy
  • ojagydyr
  • ojagym
  • ojagyma
  • ojagymda
  • ojagymy
  • ojagymyza
  • ojagymyzy
  • ojagyn
  • ojagyna
  • ojagynda
  • ojagyndaky
  • ojagyndan
  • ojagyny
  • ojagyny-da
  • ojagynyň
  • ojagyň
  • ojagyňdan
  • ojagyňy
  • ojagyňyz
  • ojakda
  • ojakdaky
  • ojakdan
  • ojakdygy
  • ojakdyr
  • ojaklar
  • ojaklara
  • ojaklaram
  • ojaklarda
  • ojaklardan
  • ojaklary
  • ojaklaryna
  • ojaklarynda
  • ojaklaryndan
  • ojaklaryny
  • ojaklarynyň
  • ojaklaryň
  • ojaklaryňyzyň
  • ojaklaýyn
  • ojakly
  • ojaklyk
  • ojaksyz