ogurlatmak o‧gur‧lat‧mak işlik

  1. Birine bir zadyny aldyrmak.

    • Ýitirdiňizmi ýa-da ogurlatdyňyzmy? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ogurlyk etdirmek, biriniň zadyny gizlinlik bilen aldyrmak.

    • Ondan soň ýer aştyndan adam iberip, onuň goýnundan ogurlatmaga başlady. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ogurlatmak - ogurladýar, ogurladar, ogurladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ogurladan
  • ogurladarsyň
  • ogurladyp
  • ogurladypdym
  • ogurladyň
  • ogurlatdy
  • ogurlatdyk
  • ogurlatdyňmy
  • ogurlatdyňyzmy
  • ogurlatmaga
  • ogurlatmajagyny
  • ogurlatmak
  • ogurlatmakdan