[ogry:nlyk]
Başgalardan gizlinlik, ýaşyrynlyk.
Beýik galadan ogrynlyk bilen hiç kime duýdurman aşmalydy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Nätanyş ogrynlyk bilen töweregine garanjaklaýardy. («Mydam taýýar» gazeti)
Emma weli, ogrynlyk Gözele seretmesini kesmeýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ogrynlyk - ogrynlygy.