[ogry:n]
Hiç kime duýdurman, ýaşyryn, gizlin.
Wepa bolsa ol ogryn çykalganyň tapylyşyny gürrüň berdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Pökgen bilen Ýelli öz aralarynda nämedir bir zat barasynda gaty assalyk bilen ogryn gürrüň edýärdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Assyrynlyk bilen birine seretmek, göz astyndan äňetmek.
Aşyr şolara syn edýän wagtynda, onuň gapdalyndan biri ogryn garap geçdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)