Oglanyň ýetginjeklik ýaşyna çenli bolan çagy, çagalyk döwri.
Bularyň üçüsi-de şu obada önüp-ösen, oglanlyklardan bile gezen deň-duşlarydy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Meniň oglanlyk ýyllarym şu günki ýaly ýadymda. («Mydam taýýar» gazeti)
Ýaşym ep-esli bolup, oglanlykdan saýlandym. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)
Artyk bilen oglanlykda-da mäşi bişişmeýän, aslynda Artygy äsgermeýän Balla beýle gaýtawul örän ýokuş degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem oglanlyk - oglanlygy.
Ýaşlyk, özüňi oglan ýaly alyp barmak.
Oglanlyk edendirler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)