oglan og‧lan

  1. Erkek jynsly çaga, ogul çaga.

    • Oglanlary kemala gelenlerinden soň ikisi çopan-çoluk bolup gitdi, biz talabançylyk edip başladyk. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. seret çaga

    • Gyzyl aga, oglan ýaly bolmasana! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Oglan howlugar, tut wagtynda bişer. (nakyl)

    • Oglan ulumsyrar, nadan bilimsirär.

  3. Kämillik ýaşyna ýeten ýetginjek, ýaş ýigit.

    • Gözenekden bakma oglan, Göz-gaşyny kakma oglan. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Meret aga, sen özüň gidip bilmeseň, baýtalçaňy oglanlara berseň näderkä? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gully golça diýýänleri keltejik ýognas oglan. (Ata Köpek Mergen, Goşgular)

  4. Göçme manyda Erkek adama ýüz tutulyp aýdylýan söz.

    • Annaguly tursana oglan! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýeri oglan, Begenç, näme birdenkä sesiňi tapba kesäýdiň? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

oglanlaryň ejesi

Öz aýalynyň adynyň deregine erkek adam tarapyndan käwagtlar ulanylýan ewtemistik aňlatma.

  • Geçen ýyl oglanlaryň ejesi çagalary bilen mellegimizi dyrmaşdyryp tohum atdy, ine ep-esli bugdaý çykdy duruberdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • oglan-da
  • oglana
  • oglanam
  • oglanda
  • oglandan
  • oglandanam
  • oglandy
  • oglandygy
  • oglandygymy
  • oglandygyna
  • oglandygyny
  • oglandym
  • oglandyr
  • oglandyrlar
  • oglandyň
  • oglandyňyz
  • oglanlar
  • oglanlar-da
  • oglanlara
  • oglanlaram
  • oglanlarda
  • oglanlardan
  • oglanlardandy
  • oglanlardy
  • oglanlardyr
  • oglanlary
  • oglanlary-da
  • oglanlarydyk
  • oglanlarydyr
  • oglanlarym
  • oglanlarymam
  • oglanlarymyz
  • oglanlarymyza
  • oglanlarymyzam
  • oglanlarymyzyň
  • oglanlarymyň
  • oglanlaryna
  • oglanlaryndan
  • oglanlaryndanam
  • oglanlaryny
  • oglanlarynyň
  • oglanlarynyňam
  • oglanlaryň
  • oglanlaryňa
  • oglanlaryňam
  • oglanlaryňdan
  • oglanlaryňyz
  • oglanly
  • oglanlygy
  • oglanlygym
  • oglanlygyna
  • oglanlygyndan
  • oglanlygyny
  • oglanlygyň
  • oglanlyk
  • oglanlykda
  • oglanlykdan
  • oglanlykdanam
  • oglanlynyň
  • oglanmy
  • oglanmyka
  • oglanmyş
  • oglansyň
  • oglany
  • oglany-da
  • oglanydy
  • oglanydyr
  • oglanym
  • oglanyma
  • oglanymyz
  • oglanymyň
  • oglanyn
  • oglanyna
  • oglanyny
  • oglanynyň
  • oglanyň
  • oglanyňa
  • oglanyňky
  • oglanyňyz