Posa aldyrmak, öpdürmek.
Al ýaňakdan kä ogşadyp, kä ogşap, ýüz-gözüňi synlarymykam Artyk jan! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ogşatmak - ogşadýar, ogşadar, ogşadypdyr.
seret meňzetmek
Asly ynsan ogşatmyşam Marala, ýetişdi jilwesi-boldum eserli. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)