Biri bilen ylalaşyp ýaşamak, agzybirlik saklamak.
Aýna, meniň Artyk bilen oňuşmaýan meseläm bar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Arçyn aga olar bilen hem özüm oňşaryn. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Razy bolmak, kanagatlanmak.
Kitabyň biri bilen oňuşýan bolsam, senden soramazdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem oňuşmak - oňşar, oňşupdyr.