[nyşa:n]
Bir ýagdaýy ýa-da bir zady bildirýän alamat, bellik.
Onuň ädim ädişinden we beýleki nyşanlaryndan çen tutup, onuň kyrk bilen elli ýaşyň arasyndaky adamdygyny aýtmak bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Könelişen söz Döşe dakylýan ýüzi suratly tegelejik ýa-da plastinka görnüşli metal belgi, orden, medal.
Döşünde uruş günlerinde zähmet frontunda işlänligi üçin sylaglanan nyşan ýalpyldaýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)